milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
27.12.2022 178 Habarlar

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Umumy pikire görä, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň binýadyny düzýän maksatlara hem-de esasy ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek guramanyň işiniň ähmiýetli taraplarynyň biri bolup durýar. GDA-nyň esaslandyrylan gününden bäri oňa gatnaşyjy ýurtlar hyzmatdaşlygyň taraplaryň erkine, deňhukuklylyga we ynanyşmaga esaslanýan görnüşini saklamagy başardylar.

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.