milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
16.02.2023 247 Habarlar

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. 

Duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň jümmüşine uzap gidýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigi bellenildi. Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Häzirki wagtda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda uly mümkinçilikler bar we baý tejribe toplanyldy. Şunda «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşydygy bellenildi. Köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ynanyşmaga we özara bähbitleri nazara almaga esaslanan netijeli görnüşi kemala getirildi.