milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19.09.2019 300 Habarlar

18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýewi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil birek-birege hormat goýmak we goldamak ýörelgelerinde guralýan, şeýle hem uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň möhüm, strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmeginiň hem-de bilelikdäki hökümetara toparyň alyp barýan işleriniň munuň subutnamasydygy nygtaldy.