milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy
28.09.2019 433 Habarlar

27-nji sentýabrda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik galjak kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri nobatma-nobat gül desselerini goýdular. Türkmen diplomatlary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýagşy dessura laýyklykda ýadygärlige gül desselerini goýdular.