milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
01.10.2019 433 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Žak Şiragyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Hatda Žak Şiragyň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygy, Fransiýa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigi bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Fransiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.