milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.05.2019 501 Habarlar

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz we myhman geçen ýyllarda döredilen uly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly häzirkizaman ulag düzümini kemala getirmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny göz öňünde tutup, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de EYR-nyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.