milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.02.2023 238 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmegiň we birek-birege goldaw bermegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de ýakyn goňşymyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygy tassyklap, özara gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.