milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti COP-28-e gatnaşmak üçin Dubaýa bardy
Türkmenistanyň Prezidenti COP-28-e gatnaşmak üçin Dubaýa bardy
01.12.2023 752 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP 28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.

«Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP-28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.