Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň
halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çehiýa Respublikasynyň
Prezidenti Miloş Zemana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çehiýa
Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar
birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar»
diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine
gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirdi.