milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.12.2019 441 Habarlar

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür ýüzbe-ýüz duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, berk dostluk, doganlyk we taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýýandygyny belläp, ägirt uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan türk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz holdingiň täze senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň, ulag, energetika we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky binalaryň gurluşygy boýunça özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sementiň gurluşyk senagatynyň esasy serişdeleriniň biridigini belläp, holdingiň ýolbaşçysyna sement zawodlarynyň üçüsiniň gurluşygy boýunça bäsleşige gatnaşmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmagyň çäklerinde, metallurgiýa pudagynyň ösdürilmeginiň aýratyn orna eýedigini belläp, Diýarymyzda metallurgiýa kombinatyny gurmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň yklymlaýyn iri energetika ugur hökmündäki ähmiýetini belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysyna gurluşyk işlerini bellenilen möhletde we ýokary derejede tamamlamagy tabşyrdy.

Türkiýeli işewür ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi we ýene-de täze tekliplerini beýan etdi.

Hususan-da, Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezi we Halkara estetiki bejeriş merkezi ýaly saglygy goraýyş ulgamyna degişli wajyp desgalaryň gurluşygy, şolaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy barada maglumatlar aýdyldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň taslamalary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, desgalaryň bellenilen möhletde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň gaýragoýulmasyz şertidigini ýene bir gezek aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän holdinginiň özüne ynanylan taslamalary we boýun alan borçnamalaryny yzygiderli hem-de üstünlikli ýerine ýetirjekdigine, türkmen tarapynyň sargytlarynyň göz öňünde tutuljakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.