milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
09.08.2019 312 Habarlar

8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşykda «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça 500 kilowolt güýjenmesi bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Gurluşyk işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, işewür buýrujy tarapyndan bildirilýän ýokary talaplara eýeriljekdigini, geljekde hem türkmen Lideriniň öňe süren ähli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtady.