milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
12.08.2019 312 Habarlar

11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýüzbe-ýüz duşuşygy boldy.

Ýüzbe-ýüz duşuşykda söhbetdeşler halkara meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynanyşmak ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna hem-de özara düşünişmek hem-de parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ýörelgelerine üýtgewsiz ýardam bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.