milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi
12.12.2023 460 Habarlar

Düýn – 11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasy ýurdumyzda ileri tutulýan milli sanly ulgamy ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda, ykdysadyýetiň täze, durnukly ýollaryny gözlemekde, döwlet hyzmatlaryny we döwlet gullukçylarynyň bilim derejelerini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmak üçin Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.