milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
22.02.2023 518 Habarlar

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili özara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada pikir alyşdylar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändigi we köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, özara hormat goýmak esasynda ýola goýýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, özygtyýarly ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň baý tejribesini toplan Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň birnäçesiniň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň öňbaşçysy boldy.