milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti  BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
02.12.2023 558 Habarlar

Düýn  1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “COP-28” maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şeýle hem bu maslahatda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek meselesine degişli Kararnamany kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.