milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
12.12.2023 354 Habarlar

Bu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belledi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirýän harby gullukçylar – Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna we milli medeniýetimize doly laýyk gelýän bu özboluşly hukuk ýagdaýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutus adamzadyň bähbidine parahatçylykly daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açdy.