milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
13.12.2022 355 Habarlar

Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy.

Asylly däbe görä, 12-nji dekabrda esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän beýik binanyň ýanynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň her ýylda geçirilýän dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar.

Şeýle hem bu ýerde geçirilen dabara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.