milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
13.12.2019 638 Habarlar

12-nji dekabrda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Gül goýmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürler hem-de jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.