milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti birža söwdalaryny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti birža söwdalaryny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
12.12.2019 583 Habarlar

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de şu wezipeler bilen baglanyşykly çäreler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewiň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça belli bir çäreleriň geçirilýändigini nygtady. Ýöne ykdysady meseleleri çözmekde, aýratyn hem ykdysadyýetimizi sanly ulgama gönükdirmegiň ugurlary kesgitlenende geçirilýän bu çäreleriň ýeterlik bolmaýandygyny, häzirki döwürde degişli ugur boýunça geçirilýän çäreleri has işjeň alyp barmalydygyny belledi.