milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
08.05.2023 397 Habarlar

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Moskwa we Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu ýylyň ýanwarynda Aşgabada amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça durmuşa geçirilýän netijeli hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýakynlaşyp gelýän Ýeňiş güni bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany türkmen kärdeşini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk üçin dostlukly döwletiň Liderine minnetdarlyk bildirdi.