milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşyk
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşyk
20.02.2023 310 Habarlar

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.

Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň ägirt uly mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini nazara almak bilen, dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekiliniň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar. Syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda ösdürilýändigi bellenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.