milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
01.02.2023 380 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Belgiýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.