milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
11.09.2019 370 Habarlar

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlary çekmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.