milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
16.12.2022 322 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.