milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
29.11.2023 543 Habarlar

Düýn  28-nji noýabrda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hereketleri ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler.