milli goshun logo
2019-njy ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň sany tassyklandy
2019-njy ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň sany tassyklandy
23.02.2019 1012 Habarlar

22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow ylym hem-de bilim ulgamyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2019-njy ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakyndaky buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly ýokary ösüş depginlerini gazanmak, şeýle hem sanly ykdysadyýeti dolandyrmak üçin ýaş alymlary, inžener-tehnologlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.

Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin aspirantura, ordinatura we doktorantura kabul ediljekleriň nobatdakysyny hasaba almak boýunça degişli işler geçirildi.

Milli Liderimiz degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.