milli goshun logo
Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty
Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty
08.07.2024 249 Habarlar

Türkmen halkynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýulda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, oňa Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady we saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan hemişe uly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.