milli goshun logo
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty
23.10.2019 301 Habarlar

22-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olaryň esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekden ybaratdyr.

«Türkmennebit» döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum alymlary we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Pudaklaýyn sergi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň öňdebaryjy öndürijileriniň işewür hem-de göni netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin oňat çäre bolup hyzmat edýär. Forumyň işi täze taslamalary ulanmak, dünýädäki ýagdaýlar we pudagy ösdürmegiň geljegi bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 60-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Şolaryň köp bölegi Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Singapuryň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarydyr.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» halkara sergisi we maslahaty 24-nji oktýabra çenli öz işini dowam eder.