milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
17.05.2019 354 Habarlar

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, wideokonferensiýa görnüşinde Mejlisiň Başlygyny, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýa gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir biz ýurdumyzda ajaýyp baýramy - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belläp geçeris diýdi.

Milli Liderimiz milli senenamamyzdaky bu möhüm sene bilen hemmeleri gutlap, adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biziň çäksiz buýsanýandygymyzy hem-de uly hormat goýýandygymyzy nygtady.