milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
30.12.2022 340 Habarlar

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň beren maglumatyna görä, deputatlarymyzyň we halkymyzyň geljek ýylyň şygarydyr nyşanyny teklip edýändigini belläp, olary goldady hem-de tassyklady. Hormatly Prezidentimiz geljek 2023-nji ýylyň şygaryny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilýändigini aýtdy.

Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Ol dynç gününe gabat gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi, gowy dynç almagy üçin, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek kararyna gelendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Täze ýylyň baýram edilýän günleri şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak tabşyryldy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.