milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.11.2019 728 Habarlar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak we sanly ulgama geçmek işlerini çaltlandyrmak meselelerine möhüm ünsüň berilmelidigini belledi. Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmelidigine, dünýäniň ösen ýurtlarynyň işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler boýunça kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýerleriň ünsüni çagalar baglarynyň, mekdepleriň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaga çekdi.