milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.10.2023 562 Habarlar

Düýn – 5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler ýerine ýetirildi. Şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi. Şu ýylyň dokuz aýynda Mejlisde dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyklaryň 65-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 74-sine gatnaşdylar. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 25-si guraldy.

Bellenilişi ýaly, dokuz aýyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk we durkuny täzelemek işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.