milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.12.2023 557 Habarlar

Düýn –  22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlaryň gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.