milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.02.2023 177 Habarlar

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerleriň hasabatlaryny diňläp, degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýerlere iberdi.