milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
23.02.2019 484 Habarlar

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde sanly ykdysadyýete bütin dünýäde geljekki ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz her hepdäniň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzy we onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň ykdysadyýeti, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hepdäniň anna güni geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa, wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň ýerine ýetirýän işleri we hepdäniň dowamynda görlen çäreler barada hasabat bererler. Şonuň esasynda täze wajyp wezipeler kesgitleniler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.