milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
13.01.2024 557 Habarlar

Düýn – 12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisiň barşynda bulardan başga-da, ýurdumyzyň daşary syýasatyna, ylym-bilim, medeniýet, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk-senagaty, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlaryna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.