milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
27.01.2024 637 Habarlar

Düýn – 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak, energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bagly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, birnäçe kanunlaryň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.

Mejlisiň barşynda bulardan başga-da, ýurdumyzyň daşary syýasatyna, maliýe-ykdysadyýetine, ylym-bilim,  medeniýet, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk-senagaty, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlaryna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.