milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.05.2023 490 Habarlar

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Hasabat döwründe maslahatlaryň ikisi geçirilip, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Hukuk namalarynyň hatarynda umumyhalk maslahatynda makullanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» we «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary bar. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy. Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys. Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris, sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.