milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.01.2023 165 Habarlar

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudaklary özgertmek hem-de olaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan doly peýdalanmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, maýa goýum syýasatynyň işjeňligini artdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimizi, şol sanda pudaklaryň hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli giňeltmegiň hasabyna diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. 

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.