milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.07.2024 184 Habarlar

Düýn – 5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş edip, ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk,  ykdysadyýet, nebit-gaz, oba hojalyk, himiýa senagaty, söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeniýet, ylym-bilim, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda hem-de daşary syýasatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.