milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.05.2024 158 Habarlar

Düýn – 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň şanyna dürli çäreleri, halkara ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler.

Soňra mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.