milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.08.2019 619 Habarlar

16-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Milli Liderimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda guralan Hazarýaka döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde köp sanly dürli çäreleriň, şol sanda Halk Maslahatynyň mejlisiniň, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemini jemlemek çäreleriniň, Garaşsyzlyk baýramynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň bardygyny aýdyp, şolaryň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.