milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.06.2024 176 Habarlar

Düýn – 21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde, oba hojalyk pudagynyň işini netijeli ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmakda, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde, medeniýeti we sungaty dabaralandyrmakda, ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramakda we geçirmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.