milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.06.2024 254 Habarlar

Düýn – 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy kabul edilip, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.