milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.06.2024 237 Habarlar

Düýn – 31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan kanunçylyk işi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy we raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahaty hem-de Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň jemlerini jemläp, ýaş alymlara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da ýurdumyzda ýerine ýetirilmeli işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi. Şu ýyl hem welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.