milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.01.2024 601 Habarlar

Düýn – 19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

lki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary taýýarlanylýar, döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän hukuk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Mejlisiň deputatlary Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanasy bilen bilelikde guralan adam hukuklaryny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyna gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda bulardan başga-da, ýurdumyzyň daşary syýasatyna, ykdysadyýetine, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk-senagaty, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlaryna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.