milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.06.2023 927 Habarlar

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça milli parlamentiň iş toparlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş toparyny döretmek, bu babatda degişli guramaçylyk meselelerini çözmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş toparyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlarynyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamalarda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabatynyň başynda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň eksporta iberilýän harytlarynyň hem-de daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.

Mejlisde birnäçe beýleki meselelere-de garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.