milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
07.04.2024 289 Habarlar

Düýn – 6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri 11 duşuşyk geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 4-si kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, hukuk namalarynyň birnäçesi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda dürli ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.