milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.05.2023 452 Habarlar

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän toplumlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip, bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi, başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä B.Amanowy belläp, ony döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bu konserniň başlygynyň orunbasary M.Babaýew bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2023-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasy hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp, şu gün birnäçe möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.