milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.06.2024 176 Habarlar

Düýn – 28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda, nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek babatda, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça, «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.